Alkyş We Şükür Etmek (#11918)

Ýa Ylahy, Ýa Magbut!
    Senden geldim hem Saňa barýaryn. Kalbymy Öz tanyklygyň nury bilen ýagtylt. Sen şeýle bir güýçlisiň welin älemiň we illeriň ähli güýçleri Seniň gudratyňa böwet bolup bilmezler. Seniň kerem güneşleriň ýekeje ýalkymyndan, keramat deňizleri dörändir we Seniň Jomartlyk güneşiň birje tejellisinden, barlyk älemi ýaradylandyr.
Eý Perwerdigär! Eýýamyňa laýyk däl zatlary al hem gerekli zatlary bagş eýle. Sensiň ol Jomart ki sahylygyň çägi bolmaz. Saňa sygynýarys, Seni çagyrýarys, Senden dileýäris. Sensiň Jomart, Sensiň Bagyşlaýjy.

-Bahá'u'lláh
-----------------------

Alkyş We Şükür Etmek (#11917)

Päk we Mukaddes Sen, Eý meniň Taňrym!
    Barhudaýa! Sen ýaradylan däl, Özüň ýaradýaň. Sen ösdürim däl, Özüň ösdürýäň. Sen bilinýän däl, Özüň bar zady bilýän Iň Uly Dana.
    Sen tanalmagyňy islediň, şonuň üçin şeýle bir kelam bilen sözlediň welin, ol Söz bilen bu giň jahany döredip, ähli barlyklary ýaratdyň. Senden özge Ýaradyjy, Dörediji, Başarjaň we Gudratly bolan Alla ýokdur.
    Seniň erkiň şapagyndan aýdyň bolan ol  Kelamyň hatyrasy üçin, Öz saýlanlaryň köňlüni hem dostlaryň kalbyny direlden dirilik çeşmesiniň suwundan maňa-da içir, Goý herdem Seni çagyryp duraýyn. Dogrudanam Sensiň Başarjaň, Eziz we Merhemetli. Senden özge Gerçek we Dana Soltan bolan Alla ýokdur.

-Bahá'u'lláh
-----------------------

Alkyş We Şükür Etmek (#11919)

Hu’Alla!
    Çoh Rähmetli Jomart bolan, Eý Hudaý! Janu-köňlüm, syrlarymy bilýänsiň. Säherler janymyň janany bolup, ahy-zarym, agylarymy bilýänsiň. Seň gamyňdan başga mährem gözlemez, Seň zikriňe özüni baglan köňül. Kördür Saňa göz-ýaş saçmadyk göreç, Saňa açylmasa gan aglar köňül. 

Tüm gijede, garaňkyda Eý Kadyr! 
Ýürekde seň adyň röwşen çyradyr.
Keremiňden köňle täze jan berseň,
Rähmetiňden köne öçüp baradyr.

Laýyklyga ýa gadyra garama, 
Seret Sen Öz sahylygyňa Eý Jomart.
Ganatlary gyrlan bu guşlara 
Keremiňden balu-per, ganat döret.

-`Abdu'l-Bahá
-----------------------

Alkyş We Şükür Etmek (#11920)

Hu’Alla.
    Barhudaýa! Bu köňli we bu jany janana ýetireniň üçin hem-de bu binesibe tükeniksiz paý bereniň üçin Saňa şükür edýärin. Sen bu awarany Öz köýüňe çagyrdyň hem bu sergezdany Öz penahyňda saklap, dogry ýola saldyň. Sensiň Sahy, Geçirimli, Ebedi we Mähriban.

-`Abdu'l-Bahá
-----------------------

Alkyş We Şükür Etmek (#11921)

Hu’äl-Äbha.
    Alkyş Saňa laýykdyr, Eý meniň Taňrym!
    Bu ýetimleri Öz enaýat çadyryňa ýol berdiň. Bu garyplary Öz gurplylyk genjiňe tarap ýola saldyň we bu zelillere gadym ezizligiň ýoluny görkezdiň. Alkyş Saňa, şükür Saňa Eý Perwerdigär.

-`Abdu'l-Bahá
-----------------------

Alkyş We Şükür Etmek (#11922)

Hu’äl-Äbha.
    Eý Ýeke-Täk Dilber, Eý taýsyz Mahbup! Bu biçäre awarany Öz Merhemetiňden we Keremiňden berip sylanyň üçin, “Änisa” şejeriniň giňden ýaýran saýasynda aman bereniň üçin Saňa şükür edýärin.

-`Abdu'l-Bahá
-----------------------

